“Geliň hereket edeliň! Has sagdyn we durnukly geljek üçin howpsuz fiziki işjeň hereketliligi ilerletmek” atly Daşky gurşaw we saglyk boýunça 8-nji Bonn dialogy

   Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň mugallymlary 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Adamlaryň fiziki hereketliligini höweslendirmek, şäher gurluşygynda degişli şertleri döretmek üçin strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Geliň hereket edeliň! Has sagdyn we durnukly geljek üçin howpsuz fiziki işjeň hereketliligi ilerletmek” atly Daşky gurşaw we saglyk boýunça 8-nji Bonn dialogyna gatnaşdylar.

Dialogyň işine dünýäniň dürli döwletlerinden bu soraglary çözmäge gatnaşýan ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşyp, onuň barşynda pyýada ýöremek we welolsiped sürmek ýaly fiziki işjeň hereketliligi ýaýbaňlandyrmakda ulag syýasaty, şäher gurluşygyny meýilleşdirmek bilen özara baglanyşyklykda çäk-giňişlik mümkinçiliklerini döretmegiň we adamlary, hususanda ýaşlary we çagalary işjeň hereket etmäge höweslendirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.