2024-nji ýylyn 17-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde döwletimizde kabul edilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk - türkmeniň şan-şöhratly buýsanjy” atly daşary ýurt dillerinde professor-mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Talyp ýaşlaryň öz döreden goşgularynda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine bolan egsilmez hoşallyk sözleri buýsançly ýaňlandy.
Talyp ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem gülleýän Diýarymyz bolan Garaşsyz we Bitarap Turkmenistan hakynda daşary ýurt dillerinde, ýagny iňlis, rus, nemes we hytaý dillerindäki çykyşlary maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.