Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa eýlenen gymmatly “Hakyda göwheri” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan “Hakyda göwheri” kitabynyň halkymyz üçin ylym-bilim, gymmatly terbiýe mekdebidigi, akyl-paýhasyň mizemez genji-hazynasy bolan bu ajaýyp kitapdaky çuňňur manyly sözleriň, paýhasly jümleleriň, dürdäne pähimleriň ynsanlaryň kalbyny joşdurýan, watansöýüjiligini artdyrýan, dünýägaraýşyny täzeleýän ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdygy, akyl hazynasydygy baradaky buýsançly sözleri aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitaby söz mülküniň genjidir we şan-şöhratly taryhymyzyň syrly sowallaryna jogap berýän, halkyň beýik şahsyýetleri, olaryň bitiren gahrymançylykly, ynsanperwerlikli işleri barada gymmatly maglumatlar çeşmesidir. “Hakyda göwheri” kitaby taryhymyzyň ýeňişli, şöhratly ýollaryna, täsin dünýälere syýahata alyp gidýär. Gymmatly dürler hazynasynyň bölümleri gadymy we orta asyrlaryň jahankeşdesi, syýahatçysy ýa-da şol döwrüň ýaşaýjysy hökmünde göz öňüňde janlanýan wakalaryň içinde ýaşaýan hem-de şol wakalaryň şaýady bolmak ruhy duýgularynyň jümmüşine siňýändigiň baradaky täsirli sözler bilen çykyş etdiler. Geljegimiziň has-da nurana ertirleri üçin geçmişiň mirasyny aýap saklamak we ony nesillere ýetirmegiň mukaddesliklerini ýerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar il-halkymyzyň egsilmez bagtyny umman ýaly maddy we ruhy baýlyklara eýe bolmaklygynda görýändigi baradaky dürdäne sözlerini talyp ýaşlara ýetirmek we olarda Watana, halkymyzyň şan-şöhratly taryhyna bolan söýgüni has-da güýçlendirmek baradaky gymmatly maglumatlar has-ba buýsançly beýan edildi.