Aýurweda güni mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 29-na Aýurweda güni mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň özara duşuşyklary gurnaldy. Duşuşyklarda uniwersitetde Hindistanly hünärmenleriň gatnaşmagynda okadylýan “Aýurwedanyň esaslary” we “Aýurweda terapiýasy” dersleriniň ähmiýeti hem-de ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklaryň gelejegi barada söhbet edildi. Ilçiniň gatnaşmagynda birek-birege hormat hem-de daşky gurşawy goramagyň nyşany hökmünde uniwersitetiň çäginde agaç nahallary oturdyldy.