2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-na Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerde Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistan Watanymyza  bolan beýik buýsanjy we çuňňur söýgini ösdürmek maksady bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Şonuň bilen baglanşykly 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy çuňňur many-mazmunly, ýatda galyjy we has-da täsirli geçirildi. Bu sapak talyplaryň bilime we ylma, lukmançylyk hünärine bolan gyzyklanmasyny we höwesini, eziz  Watanymyza, hormatly Prezidentimize  Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza  bolan çuňňur hormatyny we sarpasyny, buýsanjyny we söýgüsini has-da ýokarlandyrmaga ählitaraplaýyn sazlaşykly ösen berk bedenli, ruhy baý, giň ylmy dünýägaraýyşly, zähmetsöýer kämil nesli, ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmegiň ýollaryna we usullaryna gönükdirildi.