“El hünäri – il gezer” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan talyp gyzlarynyň arasynda ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işlerini: basma, keşde, gaýma gaýamagyň, kürte, don, tahýa tikmegiň, alaja, jorap örmegiň we ş.m. ýerine ýetirmek boýunça “El hünäri – il gezer” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde çäre geçirildi.