Ekologiki abadançylyk - geljegiň kepili”
![](https://tdlu.edu.tm/storage/app/uploads/public/668/bb5/eac/668bb5eac06f9380418077.jpg)
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli “Ekologiki abadançylyk - geljegiň kepili” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlar Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň giňelýändigine şaýatlyk etdi.