Täze ýyl baýramçylygynyň ýurdumyzda giňden bellenýän günlerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Hoş geldiň, Täze ýyl!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada üstünlikli geçen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň syýasy wakalary, saglygy goraýyşda, bilimde, ylymda ýetilen sepgitler hem-de täze ýylda öňde goýlan maksatlar barada eden çykyşlary we gutlaglary täsirli boldy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly toý sowgatlary dabara aýratyn öwüşgin berdi.
Baýramçylyk dabarasynda şeýle-de ýylyň dowamynda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşan mugallymlara we talyplara, döwlet we halkara olimpiadalara üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.