“Dünýä dillerde Pyragy – bagtyýarlygyň çyragy”
2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hem-de ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda “Dünýä dillerde Pyragy – bagtyýarlygyň çyragy” atly talyplaryň arasynda Magtymgulynyň şygyrlarynyň daşary ýurt dillerinde çeper okaýyş dabarasy geçirildi.