Ders bäsleşiginiň netijeleri:
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda talyplaryň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde "Botanika" dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige uniwersitetimizden 17 talyp gatnaşdy. Olardan:
Farmasewtika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ismailowa Dildara I orna,
Açilow Mansur, Çarygulyýewa Bibigözel II orna,
Garaýewa Aýnur, Baýramgeldiýewa Maral, Orunowa Bahar III orna mynasyp boldylar.