Ders bäsleşiginiň netijeleri:
Hormatly Prezidentimiziň Sanly Bilim konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de talyp ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek maksady bilen sanly Bilim portalynyň üsti bilen “Lukmançylyk fizikasy we informatikasy” dersi boýunça olimpiada geçirildi. Olimpiada uniwersitetiň 1-nji ýyl talyplaryň ähli fakultetlerinden 19 sany talyp işjeň gatnaşdy. Olimpiada testler we dürli meseleler çözmek görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň netijesi boýunça şu aşakdaky talyplar ýeňiş gazandy:
I orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Sähetgulyýewa Aýmaral we Süleýmanowa Mahym,
II orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Jurakulow Alijan,
III orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Annamyradow Eziz.