Ders bäsleşiginiň netijeleri:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasy tarapyndan “Sanly ykdysadyýet”  dersinden geçiren olimpiadasy boýunça maglumaty:

Hormatly Prezidentimiziň Sanly Bilim konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de talyp ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek maksady bilen sanly Bilim portalynyň üsti bilen “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça olimpiada geçirildi. Olimpiada uniwersitetiň 1-nji ýyl talyplaryň ähli fakultetlerinden 23 sany talyp işjeň gatnaşdy. Olimpiada testler we dürli meseleler çözmek görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň netijesi boýunça şu aşakdaky talyplar ýeňiş gazandy:


I orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Döwranow Abdyrahym ,

II orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Allaberdiýew Aly,

III orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ojybaýewa Laçyn.