Ders bäsleşiginiň netijeleri:
Aprel aýynyň 8-ine ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde iňlis dili boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige lukmançylyk uniwersitetimizden 3 talyp gatnaşdy. Olardan kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Eziz Weliýew III orna mynasyp boldy.