Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital hirurgiýasy kafedrasy boýunça 6-njy ýyl kesel bejeriş fakultetiniň 614, 615, 616 we 617-nji toparlaryň arasynda “Hirurgiki keseller” dersi boýunça bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik 2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş we maslahat beriş merkeziniň Bagyr hirurgiýa bölüminiň mejlisler zalynda geçirildi.
Ders bäsleşigi iki tapgyrdan ybarat boldy.
- I - tapgyrynda her topardan 2 talyp hirurgiki enjamlaryň kömegi bilen tikin goýmak amallaryny ýerine ýetirdiler.
- II – tapgyrynda ýiti hirurgiki kesellerde awtorlar boýunça berlen sowallara näsagyň gapdalynda jogap berdiler we görkezdiler.
Talyplar bäsleşige gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler.Bäsleşigi geçiren we bahalandyran mugallymlar kafedra müdiri Çonanow N.G., okuw müdiri Muratowa M.D., kafedranyň assistentleri Nurlyýew K.G., kliniki ordinator Berdiýew B.T. Bäsleşik gyzgalaňly geçdi. Bäsleşigiň netijeleri:
- 1 ýer – Bekmyradowa A -614t, Güjükowa S. 616t.
- 2 ýer – Saryýewa G-615t. Goşjanowa O-617t.