TDLU
Habarlar
Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) güni geçirildi
Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) güni geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hindistanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagatyň gatnaşmagynda Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) güni geçirildi. Dabaraly çärede maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň, şol sanda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymynyň, okan okuw maksatnamalary barada ýürek buýsançlary diňlendi, şeýle hem, Hindistan hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen “Bharat Ko Janiye” bäsleşiginiň ýeňijilerine ýörite Diplomlary gowşuryldy.