2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli döwletlilik ýörelgelerimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklarymyzy, parahatçylykly hem-de döredijilikli milli ýörelgelere ygrarlylygymyzy dowam etdirmek, halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzy ösüş we parahatçylyk ýoly bilen ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent derejeleri giňden düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli “Milli demokratiýany dabaralandyrmak-abadan we parahat durmuşyň kepilidir” atly dabaraly maslahaty geçirildi.