2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimizde Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze neşir eden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy - ensiklopediki kitabynyň nobatdaky XVI jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu neşir Gahryman Arkadagymyzyň “Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” mynasybetli türkmen halkyna peşgeş beren özboluşly ajaýyp sowgadydyr.
Dabaraly tanyşdyrylyş maslahatynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alymlaryň milli mirasymyzy, tebigy baýlyklarymyzy öwrenmekleri ugrunda döreden şeýle ajaýyp şertleri üçin ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Mähriban Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Asly käri lukman bolan alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, Belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de täze üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini, Hormatly Arkadagymyzyň öz halkyn a peşgeş berýän kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler!