“Garaşsyz diýaryň buýsanjy - bedew” atly dabaraly duşuşyk geçirildi

2026-nji ýylyň 24-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de “Behişdi Ahalteke atlary” žurnalynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyz diýaryň buýsanjy - bedew” atly dabaraly duşuşyk geçirildi.

Dabaraly duşuşykda çykyş edenler häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýgytly döredijilik güýji bilen gadam goýmagynyň aýdyň beýanyna öwrülendigine, Türkmeniň “uçar ganatyna” deňelýän behişdi bedewlerimiziň baý taryhy ýoly, gazanan we gazanýan üstünlikleri we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly we öňden görüjilikli syýasatyny, behişdi bedewlerimize goýulýan sarpany ýaşlaryň arasynda wagyz etmek duşuşygyň esasy maksady boldy. Duşuşygyň dowamynda gelen myhmanlar bilen talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen söhbetdeşlik örän gyzykly boldy.