“Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly – harby lukman talyplary üçin nusgalyk terbiýe mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly – harby lukman talyplary üçin nusgalyk terbiýe mekdepdir” atly professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahaty geçirildi.