“Aýdyň syýahat – tiz dikeldiş”

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde Hytaý Halk Respublikasynyň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýete Hytaý Halk Respublikasynyň saglygy goraýyş işleri boýunça Döwlet Komitetiniň ýanyndaky Halkara özara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk Merkeziniň direktory Gao Weýçžun ýolbaşçylyk etdi. Özara bähbitli söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň oftalmologiýa ylmynda gazanan üstünliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasy we Türkmenistanyň arasynda 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen “Aýdyň syýahat – tiz dikeldiş” Ylalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.