2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Änew şäherinde 2024-nji ýylda “ Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklanmagyň hem–de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtaýan kitabyň möhüm ähmiýetine üns çekilýändigini, şeýle hem “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezilýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam etjekdigi barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda uniwersitetiň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirilmeginde edebi çykyşly kompozisiýa we “ Melhem” aýdym-saz toparynyň çykyşlary aýratyn öwüşgün berdi.