2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda, Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen “ALTAÝ-AZIÝA 2024”: “Ýewraziýanyň Bilim giňişligi – täze çagyryşlar we öňdebaryjy tejribeler”- atly VI Halkara Bilim Forumynda Aziýa Uniwersitetleriniň Assosiýasiýasynyň VI gurultaýy geçdi we onuň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň Assosiýasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi. Assosiýasiýanyň Prezidenti Rustam Ibragimowiç Halmyradowyň belleýşi ýaly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistandan Assosiýasiýanyň agzalygyna giren ilkinji ýokary okuw mekdepdir.
Assosiýasiýanyň düzümine girendigi baradaky Şahadatnama Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýetine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.