
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Türkmenistanda bellenip geçilýän şanly seneleriň ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan mynasyp garşylanmagyny guramak we geçirmek hakynda” hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2025-nji ýylyň dowamynda şanly senä degişli okuw sapaklaryny geçirmek boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda” buýruklary bilen tanyşmak, berkemsiz ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylmaly işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen professor-mugallymlaryň okuw-usuly maslahaty geçirildi.