2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Koreýa Respublikasynynyň Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy mekdebiniň halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Han Çeňiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda şol wekiliýetiň agzalary uniwersitetde Adaty lukmançylyk ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň alnyp barlyşy, talyplara berilýän nazary bilimleriň amaly taýdan berkidilişi bilen içgin gyzyklandylar. Myhmanlar uniwersitetiň Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň işine aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Kafedrada okadylýan dersler boýunça taýýarlanýan okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalary we umumy okuwlaryň, amaly hem- beýan sapaklaryñ elektron ýazgylary, multimediýa tehnologiýalary, elektron amaly endikler otaglary, döwrebap görkezme esbaplary we audio-wideo ýazgylar toplumlaryndan talyplaryñ netijeli peýdalanylýandyklary hakynda gürrüñ berildi. Duşuşygyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýulmagynyň we mundan beýläk has-da ösdürilmeginiñ ähmiýetli boljakdagy bellenildi.