Harby lukmançylygy fakulteti

 




Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylygy fakultetiniň dekany Nurnazarow Muhammetnazar Gaýypnazarowiç


tel: (+99312) 92-69-75; 92-20-68, e-mail: tdlutm@online.tm

Salgysy:  Aşgabat ş., Ata Gowşudow köçe Jaý 58





Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzüminde Harby-lukmançylyk fakultetiniň açylmagy döwletimizde watan goragçylarynyň saglygy baradaky aladanyň aýdyň güwäsine öwrüldi.


Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, 2012-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň «Bejeriş-öňüni alyş işi» we 2015-nji ýylda bolsa «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünäriniň açylmagy biziň ýurdumyzda harby-lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk ösüşiniň has uzaklara nazarlaýan taryhy binýadyny emele getirdi.


Harby-lukmançylyk fakultetinde dört kafedra: Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti (LGGU), Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa (HGET), Harby-meýdan hirurgiýasy (HMH) we Harby-meýdan terapiýasy (HMT) kafedralary bar.

 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakulteti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hem-de harby edaralarynyň lukmançylyk gulluklary üçin ýokary hünär bilimli harby lukmanlar taýýarlaýar.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakulteti Türkmenistanyň Goranmak ministrligine tabyndyr. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti okuw, usuly we ylmy işleriň guralyşyna hem-de geçirilişine ýolbaşçylyk edýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi guraýar.


Harby-lukmançylyk fakultetinde okamaklygyň möhleti – 6 ýyl.


Harby-lukmançylyk fakultetine okuwa orta ýa-da orta hünär bilimi bolan, beden taýdan sagdyn, okamaga isleg bildiren, sagdyn pikirli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylaryna (işgärlerine) bildirilýän talaplara laýyk gelýän, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlar ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlar, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança harby gullukçylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soň kabul edilýär.


Harby-lukmancylyk fakultetiniň harby talyplary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hasabyna, harby talyplar üçin bellenen azyk möçberinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadyndaky talyplar naharhanasynda naharlanýarlar.


Harby talyplara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hasabyna harby talyp haky bellenilýär.


Harby talyplar Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan harby talyplar üçin bellenen möçberde gündelik we meýdan eginbaşlar hem-de durmuş serişdeleriniň, goş emläkleriniň degişli görnüşleri bilen üpjün edilýär.


Harby-lukmançylyk fakultetinde harby talyplar okuw döwründe umumy ýaşaýyş jaýy bilen bellenen tertipde üpjün edilýär.


Harby-lukmançylyk fakultetde okatmak we terbiýelemek döwlet dilinde ýagny, türkmen dilinde alnyp barylýar.


Fakultetde daşary ýurt dillerini öwrenmek hökmany ders hökmünde okuw meýilnamasyna (rus, iňlis, nemes dilleri) girizilýär.


Harby-lukmançylyk fakulteti häzirki wagtda «Bejeriş-öňüni alyş işi» we «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärleri boýunça harby lukmanlary taýýarlaýar.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary uniwersitetiň «Kesel bejeriş» fakultetiniň okuw meýilnamasyna hem-de maksatnamasyna laýyklykda, ýöne harby-lukmançylyk derslerini çuň öwrenmeklik bilen okaýarlar. Okuw meýilnamasy we okuw maksatnamalary Fakultetiň uçurymlaryna bildirilýän döwlet bilim standatlarynyň we kär häsiýetnamasynyň talaplary esasynda işlenilip düzüldi. Harby-lukmançylyk fakultetiniň kafedralary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň häzirkizaman harby hassahanalarynda, şeýle hem beýleki goşunlaryň hem-de harby edaralaryň lukmançylyk bölümlerinde amaly we nazary okuw sapaklaryny geçýärler.
















































Dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri hem olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmeginden ybaratdyr. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti sanly bilim ulgamynda, elektron resminama dolanyşygyndan, elektron kitaphanalardan peýdalanmakda, ylmy maslahatlary geçirmek üçin teleköprülerden peýdalanmakda mümkinçilikleri döredýär.


Kafedralarda fakultetde okaýanlar üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny işläp taýýarlamak, harby-lukmançylyk ugurly sapaklary geçirmek üçin usuly görkezmeleri işläp düzmek boýunça üznüksiz netijeli iş alnyp barylýar.
























Harby-lukmançylyk fakultetiniň Düzgünnamasyna laýyklykda, Harby-lukmançylyk ugurlary boýunça ylmy-pedagogik we ylmy işgärleri taýýarlamak kliniki ordinaturada, adýunkturada, doktoranturada okatmak arkaly amala aşyrylýar. Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek okuw, usuly we ylmy işleriň ähli görnüşleri geçirilende, harby we ýörite bilimleri kämilleşdirmek boýunça özbaşdak işiň barşynda, şeýle hem serkerdelik taýýarlygy boýunça sapaklarda amala aşyrylýar.


Harby lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we beýleki hünärler boýunça gaýtadan taýýarlamak, şeýle hem lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetinde amala aşyrylýar.


Harby-lukmançylyk fakultetinde terbiýeçilik işi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Harby kasamyň talaplarynyň, harby Tertipnamalaryň, Türkmenistanyň Goranmak ministrligiň buýruklarynyň esasynda amala aşyrylýar we goşunlaryň lukmançylyk üpjünçiliginiň dünýa tejribesini nazarda tutmak bilen amala aşyrylýar. Bu iş Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlar düzüminiň we Harby-lukmançylyk fakultetiniň işgärleriniň işiniň ileri tutulýan bölegidir.


Harby talyplarda we diňleýjilerde ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek, olary Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de Harby kasama, Lukmanyň kasamyna çuňňur wepalylyk ruhunda terbiýelemek baş wezipe hasaplanýar.



























Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň ähli kafedralary şanly senelere bagyşlanan döredijilik we ylmy sergilere gatnaşýarlar.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň serkerde-mugallymlary hem-de harby talyplary sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen bedenterbiýe-sport bäsleşiklerine yzygider gatnaşyp, döwletimiziň baýrakly orunlaryna ençeme gezek mynasyp boldular.


Bilim ähmiýetli medeni we dynç alyş çäreleri harby taýýarlykdan boş wagtlarda yzygiderli geçirilýär. Döredijilik duşuşyklary, taryhy ýadygärliklere we muzeýlere medeni gezelençler guralýar.


Harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary döwletimiziň çäklerinde hem-de daşary döwletlerde geçirilýän uzak aralykdan geçirilýän olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.


2018-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakulteti özüniň ilkinji uçurymlaryny dabaraly ýagdaýda goýberdi. Ýokary hünär bilim hakynda diplom we ýörite döşe dakylýan nyşan fakulteti tamamlap, bellenilen tertipde internaturada okap, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukman wezipelerinde iki ýyl harby gullugy geçenlerinden soň gowşurylýar.


Biziň uçurymlarymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynyň talaplaryny berk berjaý edýän, Garaşsyz, Bitarap Watanmyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de Harby kasama, Lukmanyň kasamyna çuňňur wepaly, harby lukmanyň belent adyna mynasyp hünärmenler bolup ýetişýärler. Olar raýatlaryň we harby gullukçylaryň zähmetiniň, harby gullugynyň we dynç alşynyň guralyşy, kadaly iýmitlenmesi, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düýpli işleri, harby gullukçylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak boýunça işleri geçirmäge ukyply lukman hünärmenler bolup halkymyza hyzmat edýärler.


Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar