Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bu ilata, şol sanda aýratyn sosial goraga mätäç çagalara we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryna, şeýle-de 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we tylda bolanlara, olaryň yzynda galanlara hem-de Owganystanda gulluk edenlere göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň dürli usullaryny amala aşyrýan täze nesliň klinikasydyr.


Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden: çagalaryň göz kesellerini bejeriş (25 orun), gözüň umumy kesellerini bejeriş (20 orun), gaýragoýulmasyz kömek, lazer, kabul ediş we barlamhana bölümlerinden ybarat.


Kabul ediş bölüminiň düzüminde döwrebap enjamlar: foropter, awtorefraktometr, pnewmotonometr, yş çyrasy, sinoptofor, ambliokor, akkomodotrener bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň görüşini saklaýan 2 otag işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek täze doglan bäbekleriň agyr patologiýalaryny, köplenç ýetik däl çagalaryň görüşiniň ýitmegine – retinopatiýa getirýän agyr patologiýalary irki döwürlerde anyklamaga, gündelik gözegçilik etmäge we bejergä baha bermäge niýetlenen iň täze retinal pediatrik ulgam “RetCam” enjamy goýlan. Şeýle-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde täze ultrases apparaty “AVISO” (Fransiýa), “HRT-3” (Germaniýa); “Spectralis OCT HRA” (Germaniýa) bilen enjamlaşdyrylan anyklaýyş otagy hem hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde döwrebap enjamlaşdyrylan fiziobejeriş otagy hem bar. Umumy agyrysyzlandyrma bilen çagalarda operasiýalaryň ähli görnüşleriniň şowly geçmegi “DRAGGER” (Germaniýa) enjamynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu täze enjamlaryň ählisi göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işlemäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.


Merkeziň işinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda oftalmologlar we Göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumyny geçirmek bilen, çagalaryň görüşini goramagyň üstünlige eýe bolýan meselelerine uly üns berilýär. Bu öz gezeginde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli edaralarynda we orta mekdeplerinde işlenip düzülen öňüni alyş hem-de usuly maksatnamalary ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar baglarynyň taýýarlyk toparlarynyň terbiýeçileri we mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary bilen wagtly-wagtynda maslahatlary geçirip durmaga, şeýle-de okuw hem-de terbiýeçilik wagtyndan aýrylmasyz göz keselleriniň skriningini hem-de monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň işgärleriniň maksada okgunly işlemekleri refraksiýanyň anomaliýalarynyň we beýleki göz keselleriniň döremegine ýykgyn çagalaryň howp toparyny ir ýüze çykarmaklygyny, şeýle-de olary öz wagtynda bejermegi hem-de gaýra üzülmeleriniň öňüni almagyny üpjün edýär.























Ylmy-barlag işlerde lukmançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýokary derejeli şowakörlügiň, çaşylygyň, dogabitdi kataraktanyň we glaukomanyň, täze döremeleriň, alawlama we distrofik keselleriň hem-de çagalaryň görüş agzasynyň beýleki patologiýalarynyň öňüni almaklyga, anyklamaklyga we bejergisine aýratyn üns berilýär. Dogabitdi glaukomanyň we çaşylygyň hirurgik bejergisinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Russiýaly oftalmologlar bilen bilelikde ysmaz we burun tarapa gidýän çaşylygyň hirurgik bejergisiniň täze usullary işlenip düzüldi (Oýlap tapyşyň patentleri №2483699; №2584077).


Merkeziň ýokary derejeli hünärmenleri Göz keselleri kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly kärdeşlerimiziň tejribelerini giňden ulanmak bilen, bejeriş-maslahat beriş, usuly we ylmy-barlag işlerini anyp barýarlar. Oftalmologiýa ylmyny we ýaşlaryň hünär tejribelerini ösdürmek maksady bilen halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. 2019-njy ýylyň martynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň arasyndaky gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ýaş türkmen oftalmologlarynyň diplomdan soňky hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnama we olaryň halkara ylmy-amaly maslahatlara hem-de forumlara gatnaşmaklygy üstünlikli amala aşyrylýar.