Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky №14334 belgili “Lukmançylyk edaralaryny döretmek baradaky” Karary bilen 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.


Bu merkezde işler üç ugur: pediatriýa, perinatologiýa we hirurgiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Merkez 275 orunlyk bolup, onda 15 sany bölüm hereket edýär. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen enelere we çagalara ýokary derejeli kömek berilýär.


Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez IIIA derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere kömek berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli kömek bermekde, şeýle-de çaga keselçiligini hem-de ölümçiligini peseltmekde giňden ýardam berýär.


Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry “Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma mehanizminiň hilini gowulandyrmak”.


Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu merkez ylmy we amaly taýdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işleri alyp barýar.


Merkeziň çäginde ýerleşen kafedralarda uniwersitetiň we lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary, intern lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar we dürli ugurly hünärmenler üçin nazary we amaly sapaklar geçirilýär.


Göwreli aýallara we täze doglan bäbeklere berilýän kömegi kämilleşdirmek üçin talyplar, intern lukmanlar we ýaş hünärmenler ýörite döwrebap simulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan otagda (fantom otagy) amaly endikleri özleşdirilýär.


Işler merkezde Türkmenistanda kabul edilen, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen “Howpsuz enelik”, “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy”, “Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak”, “Çagalaryň kesellerini bütewi usulda alyp barmak”, “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär.


Ýaş lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda telemedisinanyň mümkinçilikle­rinden peýdalanyp, kafedralaryň professor-mugallymlar düzümi we merkeziň alyp ba­ryjy hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden agyr we çylşyrymly lukmançylyk ýagdaýlary boýunça näsaglara maslahat berýärler.