
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirýär.
Talaplar:
Tezisleriň düzümi: Wajyplygy, maksady, materiallar we usullar, barlagyň netijeleri, netije.
Tezisleri ýazmaça we elektron görnüşde (diskde) ibermeli. Tezisleriň esasy mazmuny Times New Roman 14 ölçegdäki, 1 interwaldan, türkmen dilinde 1 sahypadan köp däl, rus we iňlis dillerinde annotasiýa 0,5 sahypada ýazylmaly. Tezislerde suratlar, jetweller we grafiklar bolmaly däl. Tezisiň soňky sahypasynda awtorlaryň goly bolmaly, iňlis diline terjime edilen tezis möhri bilen tassyklanan bolmaly. Eger-de tezisler talaplara laýyk ýazylmasa, onda kabul edilmez.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini 01.05.2025ý. çenli uniwersitetiň ylmy bölümine ibermeli.