Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersleri boýunça açyk internet olimpiadasyny
guramak we geçirmek hakynda
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hemde tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
- Umumy düzgünler
Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň dersler boýunça açyk internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.
Sanly maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi zehinli talyplaryň ders we taslama bäsleşiklerine köpçülikleýin gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, ylmy gözlegleri geçirmäge ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.
Internet – olimpiadanyň esasy maksady:
- Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş – çalyş etmek.
- Gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriň professor – mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramak.
- Talyplara özbaşdak pikirlenmegi we işlemegi, ylmy meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
- Tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli derslerini çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede başarmaga höwes döretmek;
-
- Internet – olimpiadanyň wezipeleri:
- Häzirki zaman sanly maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek;
- Sanly maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek;
- Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
- “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersleri boýunça talyp ýaşlaryň tiz we dürs pikirlenmek ukyplaryny ýüze çykarmak;
-
- Internet – olimpiadasynyň guramaçylyk – usulyýet üpjünçiligi
Internet – olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
- Internet – olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- Internet – olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
- Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
- Talyplaryň Internet – olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz – şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar;
- Olimpiada birikmek üçin:
- olimp2.tdlu.edu.tm
- zoom salgysy:
- https://us06web.zoom.us/j/4132648667?pwd=MCs3NHFVeW9lRzVGaG1RRHh6cFhXdz09
ID: 413 264 8667
PASS: h3hxat
Talyplaryň açyk internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi
Açyk internet olimpiada “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça test görnüşinde (Online tertibinde) geçirilýär. Dersiň bölümleri Türkmenistanyň ýokary biliminiň Döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenýär.- Açyk internet olimpiada Türkmenistanyň pudak tabynlygynda guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
- Açyk internet olimpiadanyň iş dilleri – türkmen dilidir.
- Açyk internet olimpiada dersi boýunça öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen talyplaryň dört sanysy (3 sany talyp esasy düzüm, 1 sany ätiýaçdaky talyp) çagyrylýar.
- Açyk internet olimpiada her ders boýunça 50 sany test soraglary hödürlener we olary çözmek üçin 90 minut wagt beriler.
- Açyk internet olimpiadanyň eminler topary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan tassyklanýar.
- Açyk internet olimpiadasyna gatnaşyjylar topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz – şikaýat etmäge hukugy bar.
- Arz şikaýat ýüz tutmalar eminler topary tarapyndan seredilip, ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär (ahyrky çözgüt üýtgewsizdir).
- Açyk internet olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi.
- Açyk internet olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň gatnaşyjylaryna dersler boýunça şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
- Açyk internet olimpiadanyň dersler boýunça netijeleri resmileşdirilýär we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.
- Açyk internet olimpiadanyň dersler boýunça ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
- Açyk internet olimpiadanyň ýeňijileriniň sany 50% - den geçmeli däl.