M.Garryýew ad. TDLU-da Açyk gapylar güni geçirilýär

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2025-nji ýylda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” güni geçirýär. “Açyk gapylar” güni 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda uniwersitetimiziň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda sagat 15:00-da başlanýar. Ol gün ýaşlar ýokary okuw mekdebimiz bilen ýakyndan tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin gerekli resminamalar, okuw mekdebimizde taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.
Uniwersitetimiziň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 48-98-51; 48-98-52