Mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirilýär

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirýär. 


Bäsleşikde hödürlenjek ýumuşlar synplar boýunça tapawutlandyrylmaz, ýagny 11-nji we 12-nji synplar bilelikde bäsleşerler. Test ýumuşlary türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlener.
Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlawjy tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty öz jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar.
Saýlawjy tapgyra her mekdepden okuwçylaryň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli. Welaýat (şäher) tapgyry 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriler  hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden saýlawjy tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 18-nji sentýabrda 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler.
Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

Habarlaşmak üçin telefon:
+993-12-48-99-32;
+993 64 00 04 70

E-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm