Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Boş iş orunlaryna bäsleşik 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly.
Tabşyrylmaly resminamalar:
1. Arzasy.
2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça).
3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary.
4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.
Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy
T/b |
Hünäriň, wezipäniň ady |
IHGWDK boýunça
|
Iş: hemişelik -1 |
Aýlyk zähmet haky |
Talaplar |
|
Bilim derejesi |
Iş döwri |
|||||
1 |
Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
2 |
Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
3 |
Diller kafedrasynyň mugallymy |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
4 |
Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
5 |
Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
6 |
Çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
7 |
Göz keselleri kafedrasynyň assistenti |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
8 |
Kazyýet lukmançylygy kafedrasynyň assistenti |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
9 |
Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy |
240390 |
1 |
3386 |
ýokary |
3 ýyl |
Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18
Tel.: 48-99-57
Işgärler bölümi