BILDIRIŞ
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Boş iş orunlaryna bäsleşik 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly.
Tabşyrylmaly resminamalar:
1. Arzasy.
2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça).
3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary.
4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.

Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18
Tel.: 48-99-57 Işgärler bölümi