OLIMPIADA

Biologiýa boýunça 2-nji Halkara internet olimpiadasyna

HOŞ GELDIŇIZ!


Olimpiadanyň maksady:

a)  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;

b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;

ç)  häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek.

Olimpiadanyň wezipesi:

a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.


Olimpiadanyň geçirilişi barada

GÖZÜKDIRIJI

1. Internet - Olimpiada gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli https://olimp.tdlu.edu.tm salgyda registrasiýa etmeli.

2. Internet - Olimpiada gatnaşyjylaryň login we paroly onuň elektron poçtasyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden bir gün oň ugradylar.

3. Olimpiadanyň test soraglary we ýumuşlary 2023-nji ýylyň 6-nji dekabrynda ýerli wagt boýunça 12:00-da (GMT+5) https://olimp.tdlu.edu.tm  salgy boýunça açylar.

4. Olimpiadanyň dowamlylygy 180 minut. Bellenilen wagt tamamlanandan soňra jogaplar kabul edilmeýär we Оlimpiada degişli programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda ýapylar.

5. Kompýuterler we web-kameralar Internet toruna birikdirilen bolmaly.

6. Olimpiada wagtynda wideoaragatnaşyk Zoom programma üpjünçiliginiň arkaly amala aşyrylar.  Wideoaragatnaşyga birikmek üçin ssykla ulanyja login we parol bilen bilelikde ugradylar.

7. Olimpiada gatnaşyjylar oz adyny we familiýasyny Zoom-da girizmeli we hökman ekranyň demonstrasiýasy funksiýasyny açmaly.

8. Olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe ýazuw esbaplaryny, ýagny ruçka we galam alyp bilerler.

9. Olimpiada gatnaşyjylar kalkulýatordan peýdalanyp bilerler.

10. Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli.

11. Olimpiada geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;

12. Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler;

13. Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde beriler.


Ýokarda görkezilen düzgünler bozan gatnaşyjynyň internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.

 

Habarlaşmak üçin:

        Telefon: +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11.

        Elektron poçta: tdlu.olimp23@gmail.com

 Guramaçylyk topary


BIOLOGIÝA BOÝUNÇA II HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ 

NETIJELERI 


 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça onlaýn usulda II Halkara Internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Italiýadan, Ispaniýadan, Polşadan, Awstriýadan, Rumyniýadan, Kipr döwletinden, Birleşen Arap Emirliklerden, Hindistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýeden,  Günorta Koreýadan, Malaziýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Täjigistan, Gyrgyzystan,  Özbegistan Respublikalaryndan 22 ýokary okuw mekdepleriniň 138 sany talyplary, ýurdumyzyň 20 ýokary okuw mekdeplerinden 237-si gatnaşdy.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça baýrakly orunlaryň 79-sy kesgitlenip, olardan 18-si birinji, 27-si ikinji, 34-si bolsa üçünji orunlary eýelän talyplardyr.

Biologiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasynyň netijeleri

Esasy görkezijiler
5118
Talyplar
57
Ugurlar
454
Mugallymlar