MEKDEP OLIMPIADASY 2024

Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryň arasynda 

Biologiýa dersi boýunça olimpiadasyna

 

HOŞ GELDIŇIZ!


Olimpiadanyň maksady:


a)  Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim berýän  orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;


b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň  bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;


ç) ýurdumyzyň dürli künjegindäki zehinli okuwçylary uniwersitetimize jemlemek arkaly uniwersitetimizde alnyp barylýan okuw-usuly we ylmy işler hem-de medeni çäreler bilen giňden tanyşdyrmak;


d)  häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meselelere gyzyklanma döredip, mekdep okuwçylarynyň arasynda geljekde hünär ugurlaryny saýlamaklaryna ýardam bermek. 


Olimpiadanyň wezipesi:


a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;


b) zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;


ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.

 

Olimpiadanyň geçirilişi barada

GÖZÜKDIRIJI

  • Olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylara jogapkär bellenen mugallym 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli aşakdaky nusga boýunça tablisany dolduryp,  tdlu.olimp@sanly.tm   salgysyna ugratmaly.

NUSGA

  • Olimpiadanyň jemleýji tapgyry 2024-nji ýylyň sentýabr  aýynyň 18-ne sagat 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler;

  • Gatnaşyjylaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün ediler hem-de test soraglary we ýumuşlar kompýuterde ýörite programmanyň kömegi bilen  geçiriler.

  • Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara ulanyjynyň ady (login) we parol olimpiada başlamazdan öň özlerine paýlanar;

  • Ulanyjynyň ady (login hem-de paroly) bir gezek ulanmaga niýetlenendir we ony guramaçylyk topary tarapyndan rugsat berlen wagty ulgama girmek üçin ulanylyp bilner;

  • Olimpiadanyň dowamlylygy 90 minut. Bellenilen wagt tamamlanandan soňra jogaplar kabul edilmeýär we Оlimpiada degişli programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda ýapylar.

  • Olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe ýazuw esbaplaryny, ýagny ruçka we galam alyp bilerler.

  • Olimpiada gatnaşyjylar kalkulýatordan peýdalanyp bilerler.

  • Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli.

  • Olimpiada geçirilýän döwri okuwçylara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär.

  • Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup bilerler.

  • Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde berler.


Ýokarda görkezilen düzgünleri bozan okuwçylaryň gatnaşyjynyň olimpiada gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 64 00 04 70;  48 99 32.

E-poçta: tdlu.olimp@sanly.tm


Guramaçylyk topary


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar