Harby lukmançylygy fakulteti


 




Harby lukmançylygy fakultetiniň dekany, maýor Nurnazarow Muhammetnazar Gayypnazarowiç


tel: (+99312) 92-69-75; 92-20-68, e-mail: tdlutm@online.tm

Salgysy: Turkmenistan, Aşgabat ş, A. Gowşudow 58, Harby binasy





Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzüminde Harby-lukmançylyk fakultetiniň döredilmegi döwletimizde harby gullukçylaryň we watan goragçylarynyň saglygy baradaky hossarlyk aladalaryň aýdyň güwanamasyna öwrüldi.


Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli jöwher paýhasyndan öz gözbaşyny alýan taryhy Karary esasynda, 2012-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň «Bejeriş-öňüni alyş işi» we 2015-nji ýylda bolsa «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünäriniň açylmagy, watan goragçylarynyň saglygy hakyndaky edilýän aladanyň has uzaklara nazarlaýan taryhy binýadyny emele getirdi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakulteti Türkmenistanyň Goranmak ministrligine tabyndyr. Fakultetde okuw, usuly we ylym işleri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar we gözegçilikde saklanýar.


Harby-lukmançylyk fakultetinde okamaklygyň möhleti – 6 ýyl.


Harby lukmançylyk fakultete okuwa orta ýa-da orta hünär bilimi bolan, beden taýdan sagdyn, okamaga isleg bildiren, sagdyn pikirli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylaryna (işgärlerine) bildirilýän talaplara laýyk gelýän, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlar ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlar, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança harby gullukçylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soň kabul edilýär.


















Harby lukmançylyk fakultetinde diňleýjiler okuw döwründe umumy ýaşaýyş jaýy bilen bellenen tertipde üpjün edilýär.


Harby lukmançylyk fakultetiniň okuw maksatnamalary harby talyplaryň harby we raýat hünärini almagyny göz öňünde tutýar. Fakultetde häzirki wagtda «Bejeriş-öňüni alyş işi» we «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärleri boýunça harby lukmanlar taýýarlanýar.


Harby lukmançylyk fakultetinde – Türkmenistanyň Goranmak ministriniň buýrugyna laýyklykda, Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti (LGGU), Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa (HGET), Harby meýdan hirurgiýasy (HMH) hem-de Harby meýdan terapiýasy (HMT) kafedralarynda hünär ugurlary boýunça okadylýar, şeýle hem lukmanlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar we gaýtadan taýýarlanylýar.
















Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetinde umumy okamaklygyň möhleti boýunça, harby talyplary uniwersitetiň «Kesel bejeriş» fakultetiniň okuw meýilnamasyna hem-de maksatnamasyna laýyklykda, emma harby düzgunleri we kadalary çuňlaşdyryp öwrenmeklik esasynda alnyp barylýar. Harby lukmançylyk fakultetiniň kafedralary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çäginde şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenistanyň Goranmak Ministrligine degişli häzirki zaman hassahanalarynda şeýle hem beýleki goşunlarynyň hem-de harby edaralarynyň lukmançylyk bölümlerinde amaly we nazary okuw sapaklaryny geçýärler.
























Harby lukmançylyk fakultetinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň dürli lukmançylyk wezipelerinde gullugy geçen mugallymlaryň agzybir topary zähmet çekýär. Olardan harby gullugyň weteranlary, şeýle-de lukmançylyk ylymlarynyň alymlary döredijilikli zähmet çekýärler.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň mugallymlary ylmy-barlag işleri alyp barmak bilen, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň aspirantura we doktorantura alymlyk derejesiniň dalaşgärleri bolup, ylmy işleri alyp barýarlar.


Harby lukmançylyk ulgamyny kämileşdirmek hem-de lukmançylyk ylymlarynyň nobatdaky sepgitlerine ýetmek üçin, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we daşary döwletleriň abraýly lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri bilen halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de häzirkizaman täze lukmançylyk ugurlary boýunça ylmy işleriň alnyp barylmagyna we hünär derejelerini kämilleşdirmäge Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär.


























Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň ähli kafedralary ýylyň-ýylyna «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýadynda geçirilýän döredijilik we oýlap tapyjylyk sergilerine degişli ylmy taslamalaryny, oýlap tapyşlary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikler boýunça ýerine ýetirilen ylmy işleri bilen gatnaşýarlar.










Fakultetde okuw işi diňe bir harby lukmanlary taýýarlamagyň maksatnamasy esasynda däl, eýsem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ähli fakultetleriniň IV-VI ýyllyk talyplaryny Lukmançylyk gullugynyň ätiýaçlykdaky ofiserlerini taýýarlamagyň maksatnamasynyň çäklerinde okuw işlerini alyp barýarlar hem-de ätiýaçlykdaky lukmançylyk gullugynyň serkerdeleri taýýarlanylýar. Olar hem Harby lukmançylyk fakultetine degişli, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak Ministrligine degişli kesel bejeriş we keselleriň öňüni alyş lukmançylyk edaralarynda, okuw otaglarynda, hassahanalarynda amaly okuw sapaklary geçirýärler.















Harby lukmanlaryň beýleki ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak, şeýle hem lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak Lukmançylyk uniwersitetiniň Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetinde amala aşyrylýar.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň serkerde-mugallymlary hem-de harby talyplary Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen bedenterbiýe we sport bäsleşiklerine yzgider gatnaşyp, döwletimiziň baýrakly orunlaryna ençeme gezek mynasyp boldular.












Harby lukmançylyk fakultetiniň serkerde-mugallymlary tarapyndan geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň maksady, talyp ýaşlary Türkmenistanyň kanunlaryny hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby Tertipnamalaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olarda harby gulluga söýgi, öz kärine buýsanç duýgusyny, zerur ahlak-söweşjeň we harby-kär häsiýetlerini, raýatlyk we gulluk borçlaryny berjaý etmeklige jogapkärçiligi döretmek hem-de ösdürmek şeýle hem gerek bolsa adatdan daşary ýagdaýlarda, watan üçin şirin janlaryny gurban etmäge taýýar lukmançylyk gullugynyň ofiserlerini – Harby lukmanlary taýýarlamak esasy wezipe bolup durýar.


Harby talyplaryň okuw sapaklaryndan boş wagtlarynda terbiýeçilik ähmiýetli medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Döredijilik duşuşyklary, taryhy ýadygärliklere we muzeýlere medeni gezelençler guralýar, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etmek ýaly çäreler ýygy-ýygydan guralýar.



Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ugurlarynda sagdyn pikirli, sowatly, giň dünýägaraýyşly, ösen talaplara laýyk iş alyp barmaga ukyply nesil kemala getirilýär. Ýaş nesil biziň baý we köptaraply milli mirasymyzy, medeniýetimizi hem sungatymyzy, özboluşly aýratynlyklarymyzy çuňňur öwrenýär. Döwletimiz tarapyndan ýaş alymlaryň alyp barýan ylmy işleriniň ýerlerde we önümçilkde giňden ornaşdyrylmagy üçin uly tagallalar edilýär.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Sanly bilim» ulgamy boýunça bilim bermek, elektron ulgamy arkaly resminamalaryň dolanşygyndan peýdalanmak hem-de elektron kitaphanalardan gollanmak we innowasiýalary ulanyp amaly lukmançylyk boýunça teleköprileri, ylmy maslahatlary geçirmek hem-de multimediýa, modullaýyn okatmak usullar bilen nazary, amaly lukmançylygyň ylmy barlaglaryny, tejribelerini geçirmek bilen bilim bermegiň döwrebap usullarynyň binýady yzgiderli kämilleşdirilýär.


Okuw meýilnamasy esasynda taýýarlanýan elektron kitaplar, audio-wideo beýanlaryň elektron maglumatlary, elektron gollanmalar, elektron okuw-görkezme esbaplary, dersler we taslamalar boýunça geçirilýän internet maslahatlary, simfoziumlar ýa-da internet bäsleşikleri, uzak aralykdan (distansion) geçirilen okuwlary, uzak aralykdan geçirilen lukmançylyk maslahatlary we beýleki amaly lukmançylyk ugryny okatmagyň we bilim bermegiň mümkinçilikleri giň gerim bilen ornaşdyrylýar.


Şeýle hem näsaglaryň keselleriniň wirtual kompýuter 3D-görnüşli moduly bilen okuw meýilnamalary taýýarlamak we elektron internet maglumatlary boýunça kliniki amallary ýerine ýetirmek bilen geçirilýär. Talyplarymyz döwletimiziň çäklerinde hem-de daşary döwletlerde geçirilýän uzak aralykdan geçirilýän Halkara olimpiada bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.


2018-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakulteti özüniň ilkinji uçurymlaryny dabaraly ýagdaýda goýberdi. 2019-njy «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda bolsa bu fakultet ikinji uçurymlaryny goýberdi. Bu bolsa Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yglan eden goranyş häsiýetli Harby Doktrinasyndan gelip çykýan ynsanperwerlik ýörelgelerine pugta eýerýän Milli goşunymyzyň harby-lukman hünärmenleri bilen, onda-da Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň tagallasy bilen açylan harby lukmanlary taýýarlamak işiniň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändigini subut edip, halkyň iň gymmatly baýlygy bolan milletiň saglygy hakynda, şol sanda watan goragçylarynyň saglygy barada edýän atalyk aladalarynyň netijesi bolup, harby-lukmançylyk ulgamynda gazanylan ajaýyp ýeňiş, ýetilen belent sepgitdir.




Esasy görkezijiler
4717
Talyplar
55
Ugurlar
431
Mugallymlar