“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýarys
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda geçirýär.
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri maglumatlaryny 2026-njy ýylyň 15-njy maýyna çenli, tituki.olimpiada.2022@gmail.com elektron salga ugratmaly ýa-da https://tituki.edu.tm institutyň resmi saýtynda hasaba durmaly.
Internet olimpiada 2026-nji ýylyň maý aýynyň 16-na, Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar olimpiada başlanan wagty https://tituki.edu.tm institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler we ZOOM programmasynyň üsti bilen gatnaşyjylara ugradylar.
Internet olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 40 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumuşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumuşyň belgisini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary gysga wagtda we amatly usul bilen çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Şeýlelikde olimpiadanyň ýumuşlaryny doly we dogry ýerine ýetiren gatnaşyja 100 ballyk baha berilýär.
“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
Internet olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Internet olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
Zoom:https://us06web.zoom.us/j/86752956501?pwd=ibcFiHzvOPPXReBOW1exVSWoOsqoMJ.1
Identification of the conference: 867 5295 6501
Entering code: 971651
Registrassiýa : https://forms.gle/8QtrB6swmtSXEv5h7
Tel:+99312 39-26-57, +99365 80-66-08