Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde we 6-njy maýynda sagat 15:00-da uniwersitetde, onuň Balkanabat bölüminde orta hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär
Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw we tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. Uniwersitet baradaky maglumatlar iogu.edu.tm web saýtynda hem ýerleşdirilendir.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.
Telefon belgileri: 39-13-05, 39-13-18.
Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheri,
G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.
Telefon belgileri: 4-93-62, 2-19-98.
Elektron salgysy: iuog@sanly.tm
Web-saýty: https://iogu.edu.tm