104

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTAN DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ TALYPLARY HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDA GEÇIRILEN HALKARA ÝAŞLAR FORUMYNA GATNAŞDYLAR

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 19-25-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde we Fuszýan prowinsiýasynda «Bilelikdäki geljek üçin ýaşlaryň ösüşi» atly halkara tomusky medeni dynç-alyş we tanyşlyk sapary geçirildi. Bu giň göwrümli forumyň işine dünýäniň 16 döwletinden 80-den gowrak işjeň ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşlyk saparynyň dowamynda wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň baý medeni mirasy, taryhy däp-dessurlary, ykdysady hem-de sosial ösüşi, bilim ulgamy we innowasion teknologiýalary bilen içgin tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar. Wkiliýet Pekin şäherinde Sung Çing Ling gaznasyna, Ýaşlar üçin ylym we medeniýet merkezine, şeýle hem Sung Çing Lingiň öňki ýaşaýyş jaýy-muzeýine baryp gördüler.

Sapar döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda uly orun eýeleýän gözellikler – Beýik Hytaý Diwarynyň Juýongguan bölegi, meşhur Köşk muzeýi, Pekiniň Milli stadiony hem-de Milli suw sporty merkezi uly orun eýeledi.

Wekiliýetimiz Fuszýan prowinsiýasynda iFLYTEK innowasion tehnologiýalar binasynda bolup, döwrebap ylmy gözlegler bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, talyplar Zengçuoan gadymy köçesine, Quanzhou deňiz muzeýine, Gulangýu adasyna we Hytaýyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sýamen uniwersitetine baryp, amaly we medeni tejribe alyşdylar.

Bu halkara tomusky tanyşlyk sapary dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň arasynda berk dostlukly aragatnaşyklary ýola goýmakda, medeniýetara gepleşikleri ösdürmekde we gelejegiň hünärmenleri hökmünde özara tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.