584

Ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň ösüşi

Kardiologiya merkezi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Tatarystan Respublikasanyň Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň çakylygy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gatnaşmagynda “Tehnologik howpsuzlygyň we daşky gurşawy goramakda häzirki zaman tehnologiýalary” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Senagat ekologiýasy kafedrasynyň dosenti Şamuhammet Saryýew çykyş edip, Türkmenistanyň halk hojalygynda polimerleriň tutýan ähmiýetli orny barada giňişleýin durup geçdi. Bu çäre ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy gatnaşyklary ösdürmekde we ekologiýa pudagynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.