Объявления

Последние объявления

📅 01.05.2026

«Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 13-14-nji maýynda sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi. II bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary. III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri. IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-58-49, +99362 16-29-75 Elektron salgysy: tsu.international.conference@gmail.com «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýänTALAPLARHalkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleriHalkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezis) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):FamiliýasyAdyAtasynyň adyWezipesiAlymlyk derejesi, adyIşleýän ýeriniň doly adyIşleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde)Iş we mobil telefonyTezisiň adyTezisiň hödürlenilýän bölümi Tezis haýsy dilde taýýarlanyldyHalkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri: I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi. II  bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary. III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri. IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli iberilmeli.            Hata gatnaşyjynyň çykyşynyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatynyň elektron görnüşleri goşulmaly.Iberilen çykyşyň gysgaça beýanynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşynyň gysgaça beýanynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsu.international.conference@gmail.com salgysyna ibermeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar 1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda  1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen). 5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly: - awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan); - eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödülenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly. 8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir. Üns beriň! 1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin,çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.reg.doc». 3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin,   «Bäşimow G.T.». 4. Faýllary arhiwlemeli däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy: Geldi Bäşimow (Türkmenistan) BIOTEHNOLOGIÝANYŇ TÄZE USULLARY ESASYNDA EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA BIODÖKÜNI ÖNDÜRMEGIŇ YLMY BARLAGLARYNYŇ NETIJESI (Tekst: şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1) EDEBIÝAT 1. 2. 3. 4. Guramaçylyk topary

Подробно ›
📅 27.04.2026

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Turk Hava Kurumu” uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri: 23-47-88, +99365-72-58-43Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen ýolbaşçylary tarapyndan ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden, synagyndan şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.Dalaşgär “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan geçmek üçin ýollananyndan soňra 15 günüň dowamynda lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany getirip bermäge borçlanýar;Okuwyň möhleti 4 ýyl.Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 08.04.2026-30.06.2026 seneler aralygynda kabul edilýär.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);— umumy orta we orta-hünär bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabata halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ýa-da harby bölümden) häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;— zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);Dalaşgärleriň ähli resminamalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda serediler, nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.Giriş synaglary 01.07.2026-15.07.2026ý. seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.Awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler aşakdakylardan ybarat:Talybyň okuwy üçin tölegleri (Nazaryýet we Uçuş türgenleşik);Talybyň umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleri;Talybyň okuw ýylynyň başynda Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine barmak we okuwy tamamlandan soňra Aşgabat şäherine gelmek boýunça ýol çykdajylary;Dalaşgär tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler:Wizany resmileşdirmek boýunça tölegleri;Saglyk ätiýaçlandyryş boýunça tölegleri;Günlik we iýmit çykdajylar;Kommunikasiýa çykdajylary;Okuw döwründe ýol çykdajylary.Çeşmesi : Turkmenistan Airlines

Подробно ›
📅 21.04.2026

KÄMIL HÜNÄRE TARAP ÄDIM: Diller dünýäsinde «Açyk gapylar» güni

Ýurdumyzdaky giň gerimli bilim özgertmeleri mynasyp durmuşa geçirmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2026-2026-njy okuw ýylynyň uçurymlaryny we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň 1-nji we 6-njy maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu tanyşlyk günlerinde gatnaşyjylar institutyň fakultetleri, kafedralary we bu ýerde okadylýan dilleriň aýratynlyklary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary, şeýle hem sanly bilim ulgamynyň täze mümkinçilikleri, institutda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» ÝUNESKO klubynyň işi bilen ýakyndan tanyş bolarlar. Şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagynda TEDx hem geçiriler. Institut bilen tanyşlyk dabarasynda ýaşlaryň ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan giň gerimli işleriň miweleri öz beýanyny tapar. Talyplaryň halkara olimpiadalarda we ylmy bäsleşiklerde gazanan üstünliklerini, dünýä halklarynyň medeniýetini şöhlelendirýän sergiler dalaşgärlerde uly täsir galdyrar. Bu çäre ýaşlara geljekki hünärini dogry saýlamaga we talyp durmuşynyň gyzykly pursatlaryny öňünden duýmaga ýardam eder. Salgysy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy. Telefon belgisi: +99312 36-84-08

Подробно ›
📅 10.04.2026

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti 2026-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de we 6-njy ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da uni­wer­si­tet­de, onuň Bal­ka­na­bat bö­lü­min­de or­ta hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry, okuw mer­kez­le­ri­niň diň­leý­ji­le­ri, har­by bö­lüm­le­riň es­ger­le­ri, önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän ýaş­lar üçin «AÇYK GA­PY­LAR» gü­nü­ni geçirýär

Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw we tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. Uniwersitet baradaky maglumatlar iogu.edu.tm web saýtynda hem ýerleşdirilendir.Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri, Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 8-nji ja­ýy.Te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-13-05, 39-13-18.Uni­wer­si­te­tiň Bal­ka­na­bat bö­lü­mi­niň sal­gy­sy: Bal­ka­na­bat şä­he­ri,G.An­na­ýew kö­çe­si­niň 76-njy ja­ýy.Te­le­fon bel­gi­le­ri: 4-93-62, 2-19-98.Elekt­ron sal­gy­sy: iuog@san­ly.tmWeb-saý­ty: https://iogu.edu.tm

Подробно ›
📅 09.04.2026

Bäsleşik

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2026-njy ýylyň maý aýynyň 11-ine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly bilim bäsleşigini geçirmekligi meýilleşdirýär. Bäsleşik 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmak we Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly atalyk kitaplaryndan şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň çuň many-mazmuny açyp görkezmek we kitabynyň ähmiýetini düşündirmek, ahalteke bedewleri we mukaddes Garaşsyzlygymyz hakyndaky aýdan taglymatlaryny talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň peýdaly endikleri özleşdirmegini gazanmak, olarda kitap okamak we beýleki peýdaly endikleri terbiýelemek, ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary kitaphanalara giňden çekmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen https://disk.yandex.ru/i/KKCqLz1pG8NQ7A elektron salga salgylanyp tanşyp bilersiňiz. Mähriban talyplar, siziň ähliňizi «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly bilim bäsleşigine işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys!Habarlaşmak üçin:Telefon nomeri:+99364404606, +99362866483, Elektron salgy:tdei@tdei.edu.tm, tdeimaralyashlar@gmail.com

Подробно ›
📅 01.03.2026

ПОЛОЖЕНИЕ

Об организации и проведении открытой интернет-олимпиады среди студентов высших учебных заведений по дисциплине «Экология и охрана окружающей среды»   Настоящее Положение разработано в целях реализации планов по внедрению Концепций развития цифровой системы образования в Туркменистане, совершенствования преподавания дисциплин естественно-научного и точного направлений, внедрения инноваций в систему образования, а также осуществления независимого мониторинга качества образования посредством проведения открытой интернет-олимпиады по дисциплине «Экология и охрана окружающей среды».   Общие положения Настоящее Положение является нормативным документом, регулирующим организацию и проведение открытой интернет-олимпиады по учебным дисциплинам среди студентов высших учебных заведений. Расширение возможностей использования цифровых информационно-коммуникационных технологий способствует массовому участию одарённых студентов в предметных и проектных конкурсах. Проведение подобных конкурсов способствует выявлению талантливой студенческой молодёжи, способной проводить научные исследования с использованием инновационных технологий, а также самостоятельно решать сложные научные задачи.   Основная цель интернет-олимпиады Укрепление дружественных отношений между студентами высших учебных заведений и обмен взаимовыгодной научной информацией; Организация совместного научного обсуждения между профессорско-преподавательским составом и студентами участвующих вузов; Развитие у студентов навыков самостоятельного мышления и работы, а также умения решать научные задачи; Стимулирование углублённого изучения дисциплин естественно-научного и точного направлений и применения полученных теоретических знаний на практике.   Задачи интернет-олимпиады Формирование интереса к решению практических задач с использованием современных цифровых информационно-коммуникационных технологий; Активизация взаимодействия между высшими учебными заведениями посредством цифровых информационно-коммуникационных технологий; Выявление талантливой и одарённой молодёжи и создание благоприятных условий для их дальнейшего интеллектуального развития и профессионального самоопределения; Выявление способности студентов быстро и правильно мыслить по дисциплине «Экология и охрана окружающей среды».   Организационно-методическое обеспечение интернет-олимпиады Для общего руководства организацией и проведением интернет-олимпиады создаётся организационный комитет. Состав организационного комитета утверждается приказом ректора Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева.   Организационный комитет: Определяет основные принципы проведения интернет-олимпиады и осуществляет организационные мероприятия по её проведению; Разрабатывает предложения по порядку и срокам проведения интернет-олимпиады; Совместно с представителями участвующих высших учебных заведений проводит работу по подготовке олимпиадных заданий; Рассматривает обращения участников интернет-олимпиады, а также проводит разъяснительную работу по жалобам и заявлениям.   Порядок организации и проведения открытой интернет-олимпиады Открытая интернет-олимпиада по дисциплине «Экология и охрана окружающей среды» проводится в форме тестирования (в онлайн-режиме). Разделы дисциплины определяются в соответствии с требованиями Государственного образовательного стандарта высшего образования Туркменистана. В открытой интернет-олимпиаде могут принимать участие студенты всех высших учебных заведений Туркменистана независимо от их ведомственной принадлежности и организационно-правовой формы. Рабочий язык интернет-олимпиады — туркменский. К участию в олимпиаде приглашаются четыре студента от каждого вуза, показавшие лучшие результаты по данной дисциплине (3 основных участника и 1 резервный). По дисциплине будет предложено 50 тестовых вопросов, на выполнение которых отводится 90 минут. Состав жюри открытой интернет-олимпиады утверждается ректором Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева. Участники интернет-олимпиады имеют право подать апелляцию через руководителя команды. Апелляции рассматриваются жюри, а окончательное решение принимается председателем жюри (решение является окончательным и не подлежит пересмотру).   Порядок определения и награждения победителей Индивидуальные места участников финального этапа интернет-олимпиады определяются жюри на основании общего количества набранных баллов. Итоги интернет-олимпиады оформляются протоколом и утверждаются приказом ректора Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева. Победители олимпиады награждаются дипломами I, II и III степени. Общее количество победителей не должно превышать 50% от числа участников.

Подробно ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">