54

“Logistika” boýunça onlaýn bäsleşigi

merkezi

Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň (CICA) 7-nji sammitinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.

I.UMUMY DÜZGÜNLER

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga bolan ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.

Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugry ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de,bu maksatlary durmuşa geçirmekde logistiki gurşawyň esasy ugurlaryň biri - bu ýaýlymda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdyr.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin logistler, programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlyk göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wezipeler girizildi.

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Logistika” boýunça onlaýn bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek ýaşlarymyzyň logistikadan, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmakda ukyplaryny açyp görkezer, şeýle hem sanly özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda intelektual tehnologiýalary ulanmagy, çylşyrymly meselelerde bulary işjeň peýdalanmagy başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

II.BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI

Ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde giňeldilmegi we durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Logistika” boýunça onlaýn bäsleşiginiň esasy wezipeleri talyp ýaşlaryň öwrenen nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, häzirki döwürde ýüze çykýän ylmy we amaly meseleleri üstünlikli çözmäge, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine, ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinleri has-da ýokarlandyrmaga, terbiýeçilik ähmiýetli işleri alyp barmaga gönükdirilendir.

III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI

1. Bäsleşik 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 20-ne sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşýanlar wideoşekilli aragatnaşyk arkaly görkeziler.

2. “ Logistika” boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 5 (bäş) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünden onlaýn görnüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler.

3. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebi olimpiada 30 sany test soragy we 4 sany mesele hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden 10 gün öňünden ugradylmaly.

4. Teklip edilýän soraglar logistikanyň we logistiki modelirlemegiň dürli ugurlaryna degişli bolup biler. Olimpiadany gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen meseleleriň içinden 30 sany test soragy we 4 sany mesele saýlaýar. Her bir test soragy 2 ball bilen bahalandyrylýar. Her bir mesele 10 ball bilen bahalandyrylýar we bäsleşikde jemi 100 ball gazanmak mümkinçiligi bar.

5. Gatnaşyjylara olimpiadanyň dowamynda 30 sany test soragy we 4 sany mesele çözmeklik üçin 2 sagat wagt berilýär.

6. Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil we elektron hasaplaýjy gurluşlary, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdirji seriş-deleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.

7. Bäsleşige gatnaşýan talyplar sowallary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşge gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar.

8. Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda talyplara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler: olousolymp@gmail.сom

9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar guramaçylyk-bahalandyryş topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi kabul edilýär.

10. Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-na çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda (*.docх) faýlynda olousolymp@gmail.сom salgysyna ugratmaly.

Ýokary okuw mekdebiniň ady

T/bTalybyň familiýasy, ady we atasynyň adyÝyly,hünäriEl telefony,elektron poçtasynyň salgysy
1
2
3
4
5
Jogapkär mugallymyň familiýasy,ady we atasynyň ady,wezipesi,telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy

IV. BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK

1.Bäsleşikde gazanyljak ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 ball.

2.Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitlener.

3.Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdiriler, guramaçylyk-bahalandyryş toparynyň netijenamasy esasynda tapawutlanan talyplar ýeňiji diýip yglan ediler we olar I,II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:+99363762276

E-mail: olousolymp@gmail.сom