DÜNÝÄ YKDYSADYÝETI BOÝUNÇA IV AÇYK HALKARA INTERNET OLIMPIADASY
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek IV Açyk Halkara Internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu Olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem özara ylmy, amaly bilimleri we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.
Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.
Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.
Olimpiada okaýan hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenýär.
Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji goşunda laýyklykda 2026-njy ýylyň 11-nji maýyna çenli aşakda görkezilen elektron poçtalara iberilmeli:
tsiem.worldec@sanly.tm, saparovagulnabat@mail.ru
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 12 48 62 86, +993 62 46 97 97
Elektron poçta: tsiem.worldec@sanly.tm, saparovagulnabat@mail.ru
Düzgünnama Halkara olimpiada, tkm.PDFgoşundy 1 .pdf
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty