25

Halkara ylmy maslahatyň “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary” atly IV bölümi geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary” atly IV bölümi geçirildi. Bölümiň işine dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň tanymal alymlary özleriniň ylmy barlaglarynyň netijeleri bilen çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen alymlarynyň hem çykyşlary diňlendi.Çykyşlar innowasion tehnologiýalara, keselleriň öňüni almakda we olary

döwrebap bejermekde ýetilen sepgitlere, Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden täze derman görnüşlerini taýýarlamaklyga, milli lukmançylyk mirasymyzyň gazananlaryny häzirki zaman lukmançylyk ylmyna ornaşdyrmaklyga bagyşlandy. Diňleýjilerde uly täsir galdyran çykyşlaryň ahyrynda çekeleşikli sorag-jogaplar alşyldy.