17

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilýeti Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara gurultaýa we foruma gatnaşdy

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilýeti Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Aziýa döwletleriniň uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň VII gurultaýyna hem-de Pedagogik bilim boýunça XII «IFTE-2026» halkara forumyna işjeň gatnaşdy. Ýokary derejeli çäräniň barşynda Assosiasiýanyň täze ýolbaşçysy hökmünde al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň rektory Žanseit Tuýmebaýew saýlandy.

Forumyň dowamynda lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N. Myratnazarowa çykyş edip, häzirki zaman lukmançylyk biliminde emeli aňy, sanly platformalary we innowasion simulýasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi. Şeýle hem saparyň çäklerinde Kazan federal uniwersitetiniň rektory L. Safin we şol uniwersitetiň Psihologiýa we bilim institutynyň direktory, professor A. Kalimullin bilen duşuşyklar geçirilip, kliniki kafedralaryň assistentleriniň pedagogika ugry boýunça hünärini kämilleşdirmek hem-de IT-tehnologiýaly enjamlaryň önümçiligi barada gürrüňdeşlik edildi.

Iş saparyň çäklerinde türkmen wekilýeti lukmançylyk simulýatorlaryny öndürýän dünýä belli “MedVision” we “EIDOS/medicine” kompaniýalarynyň önümçilik kärhanalaryna baryp, ýokary tehnologik enjamlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Geçirilen bu duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar ýurdumyzyň lukmançylyk bilimi ulgamyna iň döwrebap halkara tejribeleri hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň ýol açar.