21

“Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, ýaş hünärmenleri we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda diňlenilen çykyşlar döwletimizde çagalaryň irki ösüşiniň wajyp soraglaryna, bu ugurlarda ýetilen sepgitlere, öňde durýan jogapkärli meselelere bagyşlandy.

Maslahatyň ahyrynda ýaş nesliň kamil ösmegi babatda döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyplary tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.