9

“Döwlet baýdagy – berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik mukaddesligi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Döwlet baýdagy – berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik mukaddesligi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatda Döwletimiziň dünýä nusgalyk esasy kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň türkmeniň beýik ösüşleriniň badalgasydygy we häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän Konstitusion özgertmeler barada çykyşlar edildi. Olar professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň arasynda uly täsir galdyrdy.

Uniwersitetiň “Melhem” aýdym-saz toparynyň baýramçylyk çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin berdi.

Maslahatyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň sarpasyny belentliklere göterýän Hormatly Prezidentimize Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.