11

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmynyň gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ylymlar güni mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmynyň gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň lukmançylyk ylymyny we bilimini ösdürmek, dünýäniň tehnologiýalar giňişliginde bäsleşige ukyply ýaş alymlary kemala getirmek, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek barada bellenip geçildi. Garaşsyzlygyň beren miweleriniň, bilim, ylym we saglyk ulgamlarynda ýetilen sepgitleriň, ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlaryndaky innowasiýalaryň aýratyn ähmiýeti çykyşlaryň içinde erş-argaç bolup geçdi.