visibility 5

Ders bäsleşiginiň netijeleri:

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital hirurgiýasy kafedrasy boýunça 6-njy ýyl kesel bejeriş fakultetiniň  614, 615, 616 we 617-nji toparlaryň arasynda  “Hirurgiki keseller” dersi boýunça bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş we  maslahat beriş merkeziniň Bagyr hirurgiýa bölüminiň mejlisler zalynda geçirildi.

         Ders bäsleşigi iki tapgyrdan ybarat boldy.

Talyplar bäsleşige gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler.Bäsleşigi geçiren we bahalandyran mugallymlar kafedra müdiri Çonanow N.G., okuw müdiri Muratowa M.D., kafedranyň assistentleri Nurlyýew K.G., kliniki ordinator Berdiýew B.T. Bäsleşik gyzgalaňly geçdi. Bäsleşigiň netijeleri: