visibility 6

DÜZGÜNNAMA

merkezi

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersleri boýunça açyk internet olimpiadasyny 

guramak we geçirmek hakynda 

 

         Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hemde tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň dersler boýunça açyk internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.

Sanly maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi zehinli talyplaryň ders we taslama bäsleşiklerine köpçülikleýin gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, ylmy gözlegleri geçirmäge ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.

 

     Internet – olimpiadanyň esasy maksady:

Internet – olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

 

Guramaçylyk topary: